Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň maýa goýum forumyna (TIF 2026) gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Gutlagda şeýle sözler bar: Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda yzygiderli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler esasynda syýasy-ykdysady durnuklylyga, döwletiň maliýe serişdeleriniň uly böleginiň durmuş ulgamyna gönükdirilmegine, serişdeleri rejeli ulanmaga we senagat taýdan yzygiderli ösdürmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga esaslanan ösüş ýoluny emele getirdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Merkezi Aziýada geosyýasy hem-de geoykdysady taýdan örän amatly ýerleşmegi we baý tebigy çig mal serişdeleri maýa goýum babatda ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly maýadarlaryň, işewürleriň, halkara maliýe-bank düzümleriniň hem-de ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, hususy bölegiň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmekden ugur alnyp geçirilýän bu halkara çäre ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durnukly ösüş hem-de döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, bäsleşige ukyply täze önümçilikleriň işe girizilmegi, sanly maliýe tehnologiýalary bilen baglanyşykly meselelerde özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem foruma gatnaşyjylara ýurdumyzyň pudaklarynda gazanylan üstünliklere göz ýetirmäge, maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga we özara bähbitli işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga giň şertleri döreder.
Şeýle hem gutlag hatynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi — «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça aragatnaşyk ulgamlarynyň we energiýa geçirijileriniň taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenilýär.
Iki gün dowam etjek bu halkara forumda 50-den gowrak ýurduň 350 kompaniýasyna 900-den gowrak gatnaşyjy wekilçilik eder. Forumyň dowamynda gepleşikler we işewürlik gatnaşyklary arkaly özara hyzmatdaşlyk üçin şertler dörediler. Maýa goýum we söwdadan başlap, täzeçillik we sebitara hyzmatdaşlyga çenli dürli ugurlary öz içine alýan bu çäre çözgüt kabul edýän taraplara duşuşmaga, pikir alyşmaga we gepleşikler arkaly hyzmatdaşlyk gurmaga mümkinçilik berer.