4-nji iýunda 18 ýurt üç ýyllyk möhlet bilen BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) agzalygyna  saýlandy. Bu geňeş Birleşen Milletler Guramasynyň esasy düzümleriniň biri bolup, ykdysady, durmuş ulgamlarynda, saglygy goraýyş we bilim pudaklarynda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen guramalarynyň we düzümleriniň işini utgaşdyrýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy Filemon Ýang ses berişlikden soň netijeleri yglan etdi.

ECOSOC-yň agzalary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap üç ýyllyk möhlete saýlandy. Geňeşiň düzümine Afrikadan Burundi, Çad, Mozambik we Sierra-Leone, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinden Hytaý, Hindistan, Liwan we Türkmenistan, Gündogar Ýewropadan Horwatiýa, Russiýa we Ukraina, Latyn Amerikasyndan we Karib deňzinden Ekwador, Peru we Sent-Kits we Newis, Günatar Ýewropadan we beýleki sebitlerden Awstraliýa, Finlýandiýa, Norwegiýa we Türkiýe girýär.

ECOSOC 54 döwletden düzülip, olar Baş Assambleýa tarapyndan üç ýyl möhlete saýlanýar. Her ýyl ygtyýarlyklary dolan döwletleri 1-nji ýanwardan başlap çalyşmak maksady bilen sebitleýin toparlaryndan 18 ýurt saýlanýar.

ECOSOC Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasy bilen 1946-njy ýylda döredildi we 11 sany gaznanyň we BMG-niň maksatnamalarynyň hasabatlaryna esaslanmak bilen BMG-niň ulgamy we agza-ýurtlary üçin halkara ykdysady we durmuş meselelerine garamak hem-de syýasata degişlilikde görkezmeleri taýýarlamak boýunça merkezi forum bolup durýar.