UEFA Çempionlar Ligasynda 4-nji duşuşyklar şu gije hem-de ertir gije oýnalar. Bu gezekki tapgyrda azy ýarýan uly duşuşyk köp bolman, iň esasy ünsi çekýän “Atletiko” bilen “Bawariýanyň” oýny bolar.

Şu gijeki duşuşyklar Londonda “Şahtýor Donesk” bilen “Sportingiň” hem-de “Galatasaraý” bilen “Ştutgartyň” arasyndaky oýunlar bilen başlanar. Günüň ilkinji 2 oýny 22:45-de başlanar.

Gijäniň, hatda tapgyryň iň esasy duşuşygy Madridde “Atletiko” bilen “Bawariýanyň” arasyndaky oýun bolar. Duşuşyga fransiýaly Fransua Leteksie eminlik eder. Italiýaly Dawide Massanyň eminlik etjek oýnunda “Barselona” “Kamp Nou”-da “Aston Willa” bilen duşuşar. Soňky çempion PSŽ Ispaniýada “Wilýarrealyň” myhmany bolar we oýunda germaniýaly Feliks Zwaýer jürlewük çalar.

Ertirki oýunlar Afinyda AEK – “Real Madrid” hem-de Stambulda “Fenerbahçe” – “Liwerpul” duşuşyklary bilen başlanar. Afinydaky oýna italiýaly Maurizio Mariani, Stambuldaky oýna bolsa fransiýaly Kleman Turpen eminlik eder. Ýarygijeden soňky oýunlaryň arasynda “Leipsig” – “Mançester Siti”, “Porto” – “Napoli” hem-de “Borussiýa Dortmund” – “Betis” duşuşyklary öňe saýlanýar.

 

 

3-nji noýabr (sişenbe)

22:45 I Şahtýor Donesk – Sporting

22:45 I Galatasaraý – Ştutgart

01:00 I Atletiko – Bawariýa

01:00 I Barselona – Aston Willa

01:00 I Feýenoord – Inter

01:00 I Bude-Glimt – Lill

01:00 I LASK – Slowan Bratislawa

01:00 I Mançester Ýunaýted – Roma

01:00 I Wilýarreal – Pari Sen-Žermen

 

4-nji noýabr (çarşenbe)

22:45 I AEK Afiny – Real Madrid

22:45 I Fenerbahçe – Liwerpul

01:00 I Borussiýa Dortmund – Betis

01:00 I Porto – Napoli

01:00 I PSW Eýndhowen – Klub Brýugge

01:00 I Leipsig – Mançester Siti

01:00 I Lans – Komo

01:00 I Slawiýa  Praga – Arsenal

01:00 I Wiking – Sabah