2025-nji ýylda 9 müň 586 etnik gazak taryhy watanyna dolanyp geldi we kandas (ganybir) statusyna eýe boldy. Gazagystanyň Zähmet we sosial gorag ministrliginiň maglumatlaryna görä, 1991-nji ýyldan bäri jemi 1 million 157,6 müň etniki gazak öz ýurduna dolanyp geldi.
Şu ýylyň başyndan bäri Gazagystana gelen kandaslaryň 45,7 göteriminiň Özbegistandandygy, 41,8 göteriminiň Hytaýdandygy, 4,6 göteriminiň Türkmenistandandygy, 7 göteriminiň Mongoliýadandygy, 2,6 göterimi Russiýadandygy we 2,6 göteriminiň beýleki ýurtlardandygy habar berilýär.
Ýurda gelen etnik gazaklar Respublikanyň dürli sebitlerinde ýurt tutundylar. Şol bir wagtyň özünde, ýurduna dolananlar Akmola, Abaý, Kostanaý, Pawlodar, Atyrau, Günbatar Gazagystan, Gündogar Gazagystan we Demirgazyk Gazagystan ýaly iş orunlarynyň köp sebitlerine ýerleşdirildi. Bu sebitlere göçüp baran kandaslara göçüriş subsidiýalary görnüşinde döwlet goldawy berilýär.
Mundan başga-da, meýletin göçürmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen raýatlaryň demirgazyk sebitlere göçürilmegine gatnaşýan iş berijileri goldamak üçin institusional çäreler kabul edildi. Şeýle-de jaý satyn almak ýa-da gurmak, şeýle hem ipoteka tölegleriniň bir bölegini ýapmak üçin ykdysady hereket şahadatnamasy ornaşdyryldy.