Russiýaly matematik Iwan Remizow differensial deňlemeler nazaryýetine degişli bolan we 190 ýyldan gowrak wagt bäri analitiki usul bilen çözüp bolmaýar diýlip hasaplanan meseläniň çözgüdini tapmagy başardy. Remizow Nižnyý Nowgoroddaky Ykdysadyýetiň ýokary mekdebinde we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň A.A.Harkewiç adyndaky Maglumatlary ugratmak meseleleri istitutynda zähmet çekýär. Aslynda bu deňlemeleri standart amallar, ýagny goşmak, aýyrmak, köpeltmek, bölmek, şeýle-de kök, logarifm, sinus, kosinus, integrallar ýaly elementar funksiýalaryň kömegi bilen çözüp bolmaýar diýip 1834-nji ýylda fransuz matematigi Žozef Liuwil subut edipdi. Emma häzirki wagtda Remizow bu amallaryň arasyna “yzygiderliligiň çägini tapmak amaly” diýen täze bir düşünjäni goşmagy teklip edýär. Ol öz işinde, takmynan hasaplama (approksimasiýa) nazaryýetinden peýdalanýar. Ol çylşyrymly amaly ýönekeý ädimlerden ybarat bolan çäksiz zynjyr görnüşini emele getirmek we laplas öwrülmesini ulanmak arkaly öz işini takyk we gutarnykly çözgüde birleşdirmäge mümkinçilik döretmek esasynda başardy. Iwan Remizow: “Iki asyra golaý wagt bäri gözlenilýän çözgüdi ullakan bir surat hökmünde göz öňüne getiriň. Ony birbada görmek örän kyn bolsa gerek. Emma matematika ylmy wagtyň içinde ösýän amallary örän aýdyň şekilde beýan edip bilýär. Geçirilen bu işiň netijesi bolsa, suratyň döredilişiniň “kinolentasyny” çalt aýlamak esasynda onuň doly asyl nusgasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän bir teorema boldy” diýip täsin üstünligi barada gürrüň berýär. Ol şeýle deňlemeleriň emeli hemralaryň hereketini we çaltlandyryjylardaky bölejikleri seljermekde ulanylýan Matýe we Hill ýaly ýörite funksiýalary öwrenmekde ulanylýandygyny, aýratyn hem bu işiň Riçard Feýnmanyň integrallaryna ýakyn bolan çemeleşme arkaly häzirki zaman matematika bilen kwant mehanikasynyň usullaryny biri-birine baglaýandygyny aýdýar.
Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi
PDF









