Hytaýda otly tehnologiýasynda täze rekord goýuldy. Agramy 1,1 tonna bolan otly noldan 700 kilometr/sagat tizlige bary-ýogy 2 sekuntda ýetdi. Ýurduň Milli howpsuzlyk tehnologiýasy uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren synag sürüşi Daton şäherindäki 400 metrlik ýörite demir ýolda geçirildi. Otlynyň bat alyşy, ýagny gysga wagtda şeýle derejede ýokary tizlige çykmagy adam bedeni üçin zyýanly bolup biler. Synag maksatly bu demir ýol ulagy gysga aralykda ýokary tizlige çykmagy şeýle hem durmagy hem başardy. Hytaý bu tehnologiýany “Hyperloop”-a (howasyz boşlukda hereket edýän otly) meňzeş ulgam bilen birleşdirip, 1000 km/sagat tizlik bilen hereket edýän otlulary işläp taýýarlamagy maksat edinýär. Şeýle ulgam durmuşa geçirilende otlularyň tizligi uçaryňkydan has çalt bolar.