“Koronawirus” ýokanjynyň ýüze çykmagynyň yzysüre, 2020-nji ýylyň 20-nji martynda halkara gatnawlaryny ýatyran Awstraliýadaky çäklendirmeler aradan aýryldy. Los-Anjelesden gelen uçar “Sydney Kingsford Smith” halkara aeroportyna gondy. Bu uçaryň ähli ýolagçylary iki doza sanjym alan daşary ýurtdaky awstraliýalylardan ybarat. Täze Günorta Galler ştatynyň hökümet başlygy Dominik Perrottet  gelen ýolagçylaryň gümrükden geçenlerinde ýa-da ýurduň içine girenlerinde karantina alynmajakdygyny mälim etdi. Çäklendirmeler ýatyrylandan soňra ýurda, ilkinji nobatda, Awstraliýanyň raýatlary, bu ýurtda hemişelik ýaşamaga ygtyýarnamasy bolanlar we olaryň maşgala agzalary geler. Soňra bolsa bu ýurtda bilim alýan daşary ýurtly talyplar kabul ediler. Soňra bolsa beýleki adamlaryň hem ýurda gelip biljekdiklerini mälim edildi.

Awstraliýada ilatyň 77,5 göterimi “Covid-19”-a garşy sanjymyň  birinji dozasyny aldy. Ýurtda “AstraZeneca”, “Pfizer-BioNTech” we “Moderna” sanjymlary edilýär. Ilatyň 88,3 göterimi sanjymyň birinji dozasyny alypdyr.

8-nji noýabrdan başlap, isleg bildirýänler “Pfizer-BioNTech” sanjymynyň üçünji dozasyny alyp bilerler.

Golaýda Malaýziýada hem ilatyň 90 göteriminden gowragyna koronawirusa garşy doly sanjym edilendigi aýdylyp, şäherara we halkara çäklendirmeleriň aýrylandygy habar berlipdi.