1966-njy ýyldan bäri, her ýylyň 20-nji iýuly halkara küşt güni hökmünde bellenilýär. Bu sene 1924-nji ýylda döredilen Bütindünýä küşt federasiýasynyň (FIDE) karary bilen döredildi. FIDE dürli döwletlerden milli küşt assosiasiýalaryny birikdirýän, agzalary 170 sany milli federasiýadan ybarat bolan hökümete degişli bolmadyk halkara sport guramasy bolup, onuň maksady küşt oýnuny dünýä ýüzüne ýaýratmaga we ösdürmäge, şeýle hem küşt medeniýetiniň we biliminiň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. FIDE küşt oýnunyň düzgünlerini, dünýä çempionatyny we beýleki halkara küşt ýaryşlaryny geçirmegiň şertlerini kesgitlemäge we halkara küşt atlaryny bermäge ygtyýarlydyr. Häzirki wagtda FIDE-iň howandarlygynda ýaşlar, erkekler, aýallar we uly ýaşly adamlar üçin 40-dan gowrak resmi çempionat geçirilýär. Küşdüň watany Hindistan hasaplanýar. Ol ýerde V asyrda küştden öň çaturanga oýny peýda boldy. Küşt oýny dünýäniň ähli ýurdunda diýen ýaly giňden ýaýrap, oňa diňe bir sport däl-de, eýsem ylym hökmünde hem garalýar. FIDE-iň habar bermegine görä, häzirki wagtda küşt oýny sport hökmünde dünýäniň 105 ýurdunda ykrar edildi. Küşt oýnamak ýatkeşligiň, akyl ukyplarynyň, döredijilik we logiki pikirlenmäniň ösmegine goşant goşýar diýip hasaplanýar.

Bahar GAZAKOWA,Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy