UEFA pleý-off tapgyrynyň “D” geçelgesinde ýeňiş Çehiýanyň ýygyndysynyň tarapynda boldy. Olaryň 20 ýyllyk arakesmesi tamamlanyp, çehler ýarym finalda Irlandiýanyň ýygyndysyny kynlyk bilen ýeňmegi başardy. Duşuşygyň esasy wagty 2-2 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. 11 metrlik urgularyň netijesinde çehler 4-3 hasabynda üstün çykyp, ýarym finalda makedonlaryň derwezesinden jogapsyz 4 gol girizen Daniýanyň finaldaky bäsdeşi boldy. Final duşuşygy hem Pragada oýnalyp, oýnuň esasy wagty Şuls 3-nji, Anderseniň 72-nji minutda geçiren garşylykly gollary bilen deňlikde tamamlandy. Goşmaça 30 minutda toparlaryň hersi ýene bir gol geçirdi (Kreýçi 100 – Hög 111). Ýeňijini 11 metrlik urgulary kesgitläp, 3-1 hasabynda üstün çykan Çehiýanyň ýygyndysy 20 ýyldan soň Dünýä Kubogynyň peteginiň eýesi boldy. Soňky gezek 2006-njy ýylda Germaniýadaky çempionata gatnaşan çehler ondan öňem Çehoslowakiýa ady bilen 1934-nji, 1938-nji, 1954-nji, 1958-nji, 1962-nji, 1970-nji, 1982-nji, 1990-njy ýyllardaky Dünýä Kubogy ýaryşlarynda çykyş edipdi. Miroslaw Kubegiň tälimçiligindäki Çehiýanyň ýygyndysy Dünýä Kubogy 2026-da “A” toparçada ýer eýesi Meksika bilen bir hatarda, Günorta Afrikanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň bäsdeşi boldy.

Soňky 7 Dünýä Kubogynyň 5-sinde çykyş eden Daniýanyň ýygyndysy yzly-yzyna 3-nji gezek wekilçilik etmek mümkinçiligini elden giderdi.