2023-nji ýy­lyň 27-nji ýan­wa­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da 2023-nji ýy­lyň “Dia­log pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li hök­mün­de hal­ka­ra ýy­ly” diý­lip yg­lan edil­me­gi­ne ba­gyş­la­nan res­mi çä­re ge­çi­ril­di. Bu çä­re Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň gur­na­ma­gyn­da gib­rid gör­nüş­de ge­çi­ril­di.
Mas­la­ha­ta BMG-niň esa­sy eda­ra­la­ry­nyň we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry­nyň, BMG ag­za ýurt­la­ryň, hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň we­kil­le­ri, şeý­le hem Türk­me­nis­tan­da­ky ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry we ta­lyp­la­ry gat­naş­dy­lar.
Çä­rä­niň do­wa­myn­da BMG eda­ra­la­ry­nyň we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri­niň hem-de beý­le­ki se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri çy­kyş et­di­ler:
Dip­lo­mat­lar öz çy­kyş­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­ne bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­ni wa­gyz et­mek ug­run­da­ky yzy­gi­der­li iş­le­ri üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di­ler we bu hal­ka­ra ýy­ly­nyň berk bin­ýa­dy­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­di­ler: Pa­ra­hat­çy­lyk üçin gep­le­şik, ak ýü­rek­den ne­ti­je­li pi­kir alyş­maz­dan ha­ky­ky pa­ra­hat­çy­ly­gy sak­lap ýa-da di­kel­dip bol­ma­jak­dy­gy­na we şeý­le aç-açan we ak ýü­rek­li gat­na­şyk­la­ryň ha­ky­kat­da­nam halk­la­ryň ara­syn­da dü­şü­niş­me­gi ös­dü­rip bil­jek­di­gi­ne bo­lan umu­my yna­my­my­za esas­lan­ýar.

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da 77/32 ka­rar­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da 2023-nji ýyl “Dia­log pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li hök­mün­de hal­ka­ra ýy­ly” diý­lip yg­lan edil­di. Bu baş­lan­gyç, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň pa­ra­hat­çy­ly­gy gur­mak ba­ra­da­ky “Tä­ze pa­ra­hat­çy­lyk gün ter­ti­bi” bi­len ga­bat gel­ýän “Dia­log pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li hök­mün­de” pel­se­pe­si­ni öňe sür­mek baş­lan­gy­jy bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
“Dia­log pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li hök­mün­de hal­ka­ra ýy­ly, 2023” ka­rar­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy hö­dür­len­mez­den ozal, Türk­me­nis­tan BMG-ä ag­za ýurt­lar bi­len gi­ňiş­le­ýin ge­ňeş­me­ler ge­çir­di we ne­ti­je­li pi­kir­le­ri we tek­lip­le­ri göz öňün­de tut­dy. Gu­ra­ma­nyň 68 ag­za­sy bu ka­rar­na­ma­nyň aw­tor­da­şy bo­lup çy­kyş et­di.
BMG Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji mej­li­si­niň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de “Pa­ra­hat­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti” gün ter­ti­bi­niň 14-nji mad­da­sy­nyň çä­gin­de Jem­leý­ji res­mi­na­ma ka­bul edil­di, ol BMG-niň Ter­tip­na­ma­sy­nyň esa­sy mak­sat­la­ry­ny we ýö­rel­ge­le­ri­ni, şol san­da je­del­le­ri pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol­lar we usul­lar bi­len çöz­mek ba­ra­da­ky borç­na­ma­la­ry öz içi­ne al­ýar.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Jem­leý­ji res­mi­na­ma­sy öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­syn­da mö­hüm rol oý­na­ýar, hu­su­san-da, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň je­del­le­ri pa­ra­hat­çy­lyk­ly çöz­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry­na gol­daw ber­mek, pa­ra­hat­çy­ly­gy go­ra­mak, şeý­le hem öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň gu­ral­la­ry­ny ös­dür­mek we ber­kit­mek ze­rur­ly­gy üçin alyp bar­ýan iş­le­ri nyg­tal­ýar.
Pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li hök­mün­de eý­ýäm baş­la­nan Dia­log üçin Äh­lu­mu­my kam­pa­ni­ýa, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň iş­jeň ag­za­sy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň di­ňe esa­sy bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek bi­len çäk­len­me­ýän­di­gi­ni, eý­sem, äh­li ýurt­la­ryň we halk­la­ryň bäh­bit­le­ri, şeý­le hem ama­ly dur­mu­şa ge­çir­mek üçin yzy­gi­der­li ädim­ler äd­ýän­di­gi­ni aý­dyň tas­syk­la­dy..
Mil­li ösü­şi­miz, he­mi­şe­lik bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­si­ne esas­lan­ýan Pre­zi­den­tiň içer­ki we da­şa­ry sy­ýa­sat­la­ry­ny ut­gaş­dyr­mak­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de nus­ga­wy ösü­şe öw­rül­ýär.
Da­ba­ra­nyň ahy­ryn­da gat­na­şy­jy­lar hal­kyň bagt­ly dur­mu­şy we ýur­duň gül­läp ös­me­gi ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da pa­ra­hat­çy­lyk we dost­luk sy­ýa­sa­ty­ny alyp ba­ran­dy­gy üçin Mil­le­tiň Li­de­ri­ne we Pre­zi­den­ti­ne tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di­ler we ola­ra sag­lyk we uzak ömür, asyl­ly iş­le­rin­de üs­tün­lik ar­zuw et­di­ler.