Iň­lis di­li hal­ka­ra ara­gat­na­şy­gyn­da ula­nyl­ýan esa­sy dil­le­riň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar, ýö­ne onuň ýör­gün­li­li­li­gi il­kin­ji no­bat­da ony köp ada­myň ene dili hökmünde däl-de, ikinji di­l hök­mün­de öw­ren­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Iň­lis di­lin­de gep­le­ýän­le­riň umu­my sa­ny 1,5 mil­liarddan geç­ýär, ýö­ne iň­lis di­li ola­ryň di­ňe dört­den bi­ri­niň ene di­li­dir. Bu ba­ra­da dün­ýä dil­le­ri bo­ýun­ça ab­raý­ly mag­lu­mat por­ta­ly «Eth­no­lo­gue» ha­bar ber­ýär. Ga­lan­la­ry iň­lis di­li­ni söw­da, bi­lim ýa-da güý­men­je üçin öw­ren­ýär.
Ikin­ji orun­da 1,2 mil­liard adamyň bilýän hy­taý di­li (pu­tun­hua) ge­lip, bu di­li ene di­li hök­mün­de ulan­ýan­la­ryň umu­my sa­ny­nyň 84 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär. Bu Hy­ta­ýyň ägirt uly ila­ty­ny we hy­taý di­li­niň da­şa­ry ýurt­lar­da ula­ny­ly­şy­nyň çäk­li­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Is­pan di­lin­de-de şu­ňa meň­zeş ýag­daý­lar gö­ze il­ýär: is­pan­ça gep­le­ýän­le­riň 558 mil­lio­ny­nyň 87 gö­te­ri­mi bu di­li öz wa­ta­nyn­da, esa­san hem, Is­pa­ni­ýa­da we La­tyn Ame­ri­ka­syn­da öw­ren­di.
Şeý­le hem 2025-nji ýyl­da has giň ýaý­ran dil­le­riň sa­na­wyn­da Gü­nor­ta Azi­ýa­nyň ila­ty­nyň sa­ny­ny­nyň art­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýän hin­di (609 mil­li­on) we ben­gal (284 mil­li­on) dil­le­ri bar. Bu san­lar Gü­nor­ta Azi­ýa­da ila­tyň art­ýan­dy­gy­ny hem gör­kez­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de Pa­kis­tan­da we Hin­dis­tan­da 246 mil­li­on adam ur­du di­lin­de gep­le­ýär. Sa­na­wyň bi­rin­ji on­lu­gy şeý­le ter­tip­de gel­ýär:
Iň­lis di­li 1,5 mil­liard, hy­taý di­li (pu­tun­hua) 1,2 mil­liard, hin­di di­li 609,1 mil­li­on, is­pan di­li 558,5, mil­li­on, arap di­li 334,8 mil­li­on, fran­suz di­li 311,9 mil­li­on, ben­gal di­li 284,3 mil­li­on, por­tu­gal di­li 266,6 mil­li­on, rus di­li 253,4 mil­li­on, in­do­ne­zi­ýa di­li 252,4 mil­li­on, ur­du di­li 246,0 mil­li­on, ne­mes di­li 134,0 mil­li­on, ýa­pon di­li 125,6 mil­li­on, ni­ge­ri­ýa­nyň pi­jin di­li 120,7 mil­li­on, Mü­sü­riň arap di­li (mas­ri) 118,6 mil­li­on, ma­rat­hi di­li 99,3 mil­li­on, Wýet­nam di­li 97,0 mil­li­on, te­lu­gu di­li 95,8 mil­li­on, hau­sa di­li 94,4 mil­li­on we türk di­li 91,3 mil­li­on.