13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2025-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy
Bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 1,8 göterime, gurluşykda 7,9 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 9,8 göterime, söwdada 9,6 göterime, oba hojalygynda 7 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylda jemi öndürilen önüm 10,2 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 13,2 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 11,9 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
2025-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, ol 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” amala aşyrylyşy barada hasabat berildi.
Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy
Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasy barada hasabat berdi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Maksatnamanyň taslamasynda 2026-njy ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, Aşgabat we Arkadag şäherleri, welaýatlar boýunça durmuş-ykdysady, maýa goýum görkezijileri bellenildi. Şeýle-de onda ilatymyzyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.
Maýa goýumlaryň möçberi 6 göterim artdy
Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow geçen ýylda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar we Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 101,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,7 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 104,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,8 göterim ýerine ýetirildi. 2025-nji ýylda balans toparlarynyň jemi 141 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 111 mejlisi geçirildi. Mejlisleriň dowamynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine garaldy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy we ol jemi içerki önümiň 16,6 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,1 göterimi önümçilik, 50,9 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi. Şeýle-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Ýeňillikli şertlerde karzlar berildi
Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2025-nji ýylda ýurdumyzyň banklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete gönükdirilen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli senesi bilen deňeşdirilende, 4,8 göterim artdy. Şeýle hem ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli senesine görä, 23 göterim ýokarlandy, fiziki şahslara berlen karzlar 25,4 göterim artdy. 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlar 20,1 göterim köpeldi.
2025-nji ýylda 76 milliard 527,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 382,3 müň tonna nebit çykaryldy
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen ýylda meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 76 milliard 527,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 382,3 müň tonna nebit çykaryldy. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 9,8 göterim, benziniň öndürilişi 6,2 göterim, kerosiniň öndürilişi 5,4 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 26,4 göterim, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 5,2 göterim, sementiň öndürilişi 40,9 göterim, armatur, demir önümleriniň öndürilişi 22,3 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 10,1 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 7,3 göterim, unaş önümleriniň öndürilişi 5 göterim, mesge ýagynyň öndürilişi 2,9 göterim artdy. Hasabat döwründe senagat önümleriniň gymmatlyk möçberi nah ýüplükler boýunça 11 göterim, nah matalar boýunça 16,7 göterim ýokarlandy.
2025-nji ýylyň jemleri boýunça ulag we aragatnaşyk pudagynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygy 3,7 göterim, ýolagçy dolanyşygy 5,3 göterim artdy. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 19,6 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň oba hojalygynda öndürilen gök önümler, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 11,8 göterim, bakja önümleri 11,7 göterim, ýeralma 4,7 göterim, ýumurtga 8 göterim, süýt 2,1 göterim artdy. 2025-nji ýylda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn görkezijiler gazanyldy.
2026-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak meýilleşdirilýär
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2026-njy ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanandygyny aýtdy. “Maksatnama laýyklykda, 2026-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 5 müň 300-e golaý täze iş ornuny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek, şeýle hem 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2026-njy ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady.
“Milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmak, durnukly ösüşini üpjün etmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmek, Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak, onuň çykdajylaryny maksatlaýyn peýdalanmak işlerine gözegçiligi güýçlendirmek möhümdir” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ilatymyzyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegini dowam etdirmegi, bankara elektron töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegi, sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. Şeýle hem ykdysadyýetimizi ösdürmäge maliýe goldawyny bermek, milli puluň hümmetini durnukly saklamak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek tabşyryldy.
PDF









