Özbegistan Respublikasynyň Statistika boýunça milli edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, geçen ýyl ýurduň raýatlarynyň 28 müň 954-si bilim almak maksady bilen daşary döwletlere gitdi. Bu görkeziji 2024-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 19,3 göterim ýa-da 6,9 müň adam azdyr.
Özbegistanyň raýatlarynyň iň köp bilim almaga gidýän ýurtlarynyň ilkinji bäşligi: Russiýa – 6 498 adam; Täjigistan – 6 039 adam; Gyrgyz Respublikasy – 4 648; Koreýa Respublikasy – 3 513 we Türkiýe – 2 496 adam.
Sanawda soňra Hytaý (1 259 adam), Gazagystan (1 097 adam), Beýik Britaniýa (886 adam), Germaniýa (391 adam) we ABŞ (351 adam) ýerleşdi.