13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen ýylda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny we öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” yzygiderli durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler amala aşyryldy.
2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 15-sini amala aşyrdy
2025-nji ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiz döwlet, resmi we iş saparlarynyň 15-sini, ýagny Mongoliýa, Hytaý Halk Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna, Italiýa Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iki gezek, Özbegistan Respublikasyna iki gezek, Gazagystan Respublikasyna üç gezek, Ýaponiýa iki gezek, Russiýa Federasiýasyna iki gezek saparlary amala aşyrdy. Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara saparlarynyň 9-sy, ýagny Monako Knýazlygyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna iki gezek we Owganystana saparlary guraldy. Şeýle hem geçen ýylda daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Türkmenistana döwlet, resmi, iş saparlarynyň 31-si amala aşyryldy.
Halkara düzümleriň birnäçesiniň ýolbaşçylary ýurdumyzda saparda boldy
Abraýly sebitara we halkara guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 21 — 24-nji sentýabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň işine gatnaşdy we onuň çäklerinde birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary geçirdi. Hasabat döwründe BMG-niň Baş sekretarynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça geňeşiň Baş sekretarlarynyň we beýleki halkara düzümleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzda saparda bolandygy bellenildi.
2025-nji ýylda Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 936 wekiliýetiň döwletimize sapar bilen gelendigi we ýurdumyzyň 1 müň 303 wekiliýetiniň daşary döwletlerde saparda bolandygy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň beýanydyr. Geçen ýylyň dowamynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 573-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 2 müň 794-si guraldy. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti resminamalaryň 264-si bilen ýetirildi.
Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi
Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Hasabat döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen duşuşyklar guraldy.
Ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmekde ilçihanalaryň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda 19 döwletiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 13-si ynanç hatlaryny gowşurdy hem-de konsullaryň 2-si resmi taýdan öz işine başlady. Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, geçen ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň mejlisleriniň 14-si guraldy.
Geçen ýylda iri halkara çäreler geçirildi
«Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde 2025-nji ýylda iri halkara çäreleriň birnäçesi geçirildi. Şolaryň hatarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty, «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat bar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Şu mynasybetli dürli çäreleriň 100-e golaýy geçirildi. 12-nji dekabrda Aşgabat şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanlarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen halkara forum ýylyň esasy syýasy wakasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, halkara durnuklylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýändigini, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirmegi, ýylyň dowamynda göz öňünde tutulan halkara çärelere hem gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
PDF









