“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen birlikde, dürli pudaklary, welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmäge gönükdiriljek maliýe serişdeleriniň möçberleri, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi barada 31-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanandygyna ünsi çekdi. Geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ulgamlaryna düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýtdy we degişli hata gol çekdi.