31-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini belledi. “Biziň alyp barýan syýasatymyzyň netijesinde ata Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, şeýle hem medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Daşary syýasatymyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda amala aşyrylýar. Şeýle hem häzirki wagtda täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we saglyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanyň kabul edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze, 2026-njy ýyla at bermek hem-de onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyna ünsi çekdi.
PDF









