25-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen halkara jemgyýetçiligi giňden tanyşdyrmak we daşary ýurtlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda yzygiderli geçirilýän sergiler, maslahatlar, işewürlik duşuşyklary uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, eksport mümkinçiliklerini giňden mahabatlandyrmak, milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny, ýokary tehnologiýalary çekmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, Söwda-senagat edarasy tarapyndan degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2026-njy ýylda geçirilmegi teklip edilýän sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Watanymyzyň gazanan üstünliklerini halkara derejede giňden tanyşdyrmak maksady bilen netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda sergileriň, maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ugurda taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.