“Lonely Planet” abraýly syýahat gollanmasy geljek ýylda baryp görmeli 25 sany ajaýyp ýeriň sanawyny öz içine alýan “Best in Travel 2026” atly kitaby çap etdi. Kitapda täze “Lonely Planet Journeys” syýahat meýilnamalaşdyryş hyzmaty arkaly döredilen özboluşly syýahat meýilnamalarynyň toplumy bar.
San-Pauludaky Liberdade etrapçasy sanawyň başyny çekdi. Braziliýada Ýaponiýanyň daşyndaky iň uly ýapon jemgyýeti bar. Liberdade anime äheňinden ylham alýan köçe sungaty, gündogar bagy bu ýere gelýänleri haýran galdyrýar. Şeýle hem, bu ýer Tokionyň çäklerinden daşarda iň gowy ýapon naharlarynyň taýýarlanýandygy bilen bellidir.
Indiki meşhur ýer Meksikanyň Mehiko şäheridir. Taryhy, medeniýeti, sungaty we iýmiti – bularyň hemmesini pyýada gezip görüp bolýar. Bugenwilleýa gülleri bilen örtülen Koýoakan, La Roma we La Kondesa etraplary şu ýyl “Lonely Planet” tarapyndan ýokary baha eýe boldy.
Syýahat ugurlarynyň sanawyna Demirgazyk Dakotadaky Teodor Ruzwelt milli seýilgähi we Men ştaty (ABŞ) girýär. Men ştatyndaky dört milli seýilgäh haýran galdyryjylygy bilen tapawutlanýar.
Irlandiýadaky Tippereri şäheri gizlin göwher hasaplanýar. Ol Irlandiýanyň iň uly içerki graflygydyr we köp adam Ýabany Atlantik ýola (kenarýaka ýoly) barýan ugurda diňe şol ýerden geçýärler. Tippereride iň owadan we doly baha berilmedik awtoulag ýollary bar.
Aziýada Phuket adasy özüniň romantik gurşawy bilen has köp tanalýar, ýöne häzirki wagtda barha köp adam ony iş we syýahat etmek üçin ýer hökmünde açýar. Taý şypahanasynyň jeňňelleri, plýažlary we salkyn kenarýaka durmuşy köpleriň göwnünden turýar.
Sanawa Botswana, Peru, Koreýa Respublikasy, Awstraliýa, Ispaniýa, Italiýa, Tunis, Karib deňzi, Solomon adalary, Gwatemala, Şri-Lanka, Täjigistan we Özbegistan hem girdi.
PDF









