Ýewropa teleradioýaýlymlar birleşigi (EBU) 2026-njy ýylda Aziýada ilkinji gezek «Ýewrowideniýe» bäsleşiginiň gerimini giňeltmek taslamasyny amala aşyrýar.
Bäsleşigiň resmi saýtynyň habar bermegine görä, «Ýewrowideniýe – 2026» bäsleşiginiň uly finaly 2026-njy ýylyň 14-nji noýabrynda, şenbe güni Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde geçiriler. Bäsleşige gatnaşýan her bir teleradioýaýlym çäräniň öň ýanyndaky birnäçe aýyň dowamynda milli saýlama tapgyrlarynyň üsti bilen öz wekillerini saýlap alarlar.
Häzirki wagtda Aziýanyň 10 ýurdundan teleradioýaýlymlaryň gatnaşmagy tassyklanyldy, ýakyn aýlarda bolsa beýleki gatnaşyjylar mälim ediler. Olaryň her biri özboluşly owazyny, özbaşdaklygyny we taryhyny sahna çykarar.
Bangladeş, Butan, Kamboja, Laos, Malaýziýa, Nepal, Filippinler, Koreýa Respublikasy, Tailand we Wýetnam eýýäm bäsleşige gatnaşjakdyklaryny tassykladylar.
Ýewropa teleradioýaýlymlar birleşiginiň (EBU) «Ýewrowideniýe» aýdym bäsleşigi boýunça direktory Martin Grin şeýle belleýär:
-“Ýewrowideniýe” aýdym bäsleşiginiň 70 ýyllygy mynasybetli, medeniýete, döredijilige we zehinlere baý bolan Aziýa sebiti bilen bilelikde bu täze baby açmak aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýerde gürrüň “Ýewrowideniýäni“ Aziýa bilen bilelikde ösdürmek, bäsleşigiň hemişe üýtgewsiz galan aýratynlyklaryna wepaly bolmak bilen bir hatarda, sebitiň owazyny, özboluşlylygyny we maksatlaryny açyp görkezýän täze bir zady döretmek barada barýar. “Ýewrowideniýe: Aziýa“ saz arkaly birleşen umumy ýolumyzy dowam etdirjek artistler, teleradioýaýlymlar we tomaşaçylar tarapyndan kemala getiriler.
PDF









