30-njy ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Diýarymyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda 2026-njy ýylda gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardyr desgalar barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde her ýyl binalar we desgalar yzygiderli açylyp ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da ýurdumyzda köp sanly binalaryň hem-de desgalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga beriljekdigini belledi hem-de olaryň sanawyny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.