Aziýanyň awiasiýa ägirtleri dünýä reýtinglerinde ýene-de öňe saýlandy. Singapuryň “Çangi” aeroporty we “Qatar Airways” awiakompaniýasy öz ugurlarynda dünýäde birinji orny eýelediler.
“Skytrax World Airport Awards” we “AirlineRatings.com” tarapyndan berilýän abraýly baýraklaryň 2026-njy ýyl üçin netijeleri mälim edildi. Aziýa sebitiniň wekilleri sanawyň iň ýokary basgançaklaryny eýelemegini dowam edýärler. Singapuryň “Çangi” aeroporty öz taryhynda 14-nji gezek “Ýylyň aeroporty” diýlip ykrar edildi. Awiakompaniýalaryň arasynda bolsa “Qatar Airways” geçen ýylky ýeňiji “Korean Air”-i yzda galdyryp, dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy boldy.
Dünýäniň iň gowy bäş aeroportynyň hemmesi Aziýada ýerleşýär: Çangi (Singapur), Inçhon (Koreýa Respublikasy), Haneda (Tokio, Ýaponiýa), Gonkong (Hytaý), Narita (Ýaponiýa).
Gyzykly tarapy, geçen ýyl ikinji orny eýelän Dohadaky “Hamad” halkara aeroporty bu gezek sanawa girmedi. Muňa aeroportyň Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebäpli ähli halkara sergilerden we baýrak maksatnamalaryndan çykýandygyny yglan etmegi sebäp boldy.
Ýewropanyň öňdebaryjylary
Ýewropada eýýäm dördünji ýyl yzygiderli Parižiň Şarl-de-Goll aeroporty iň gowy diýlip saýlandy (dünýäde 6-njy orun). Ondan soňky orunlary Rim (Fýumiçino), Stambul we Mýunhen aeroportlary eýelediler. Budapeşt aeroporty Gündogar Ýewropanyň iň gowy howa menzili boldy, Londonuň Hitrou aeroporty bolsa “Söwda etmek üçin iň gowy aeroport” diýen baýraga mynasyp boldy.
Awiakompaniýalar we täze kategoriýalar
Awiakompaniýalaryň sanawynda “Qatar Airways”-den soňra “Cathay Pacific”, “Singapore Airlines” we “Korean Air” gelýär. Ýewropanyň iň gowy doly hyzmatly awiakompaniýasy diýlip “Turkish Airlines” (dünýäde 7-nji orun) saýlandy.
Şu ýyl “Gibrid” awiakompaniýalaryň (uçuş wagtyna görä arzan bahaly ýa-da doly hyzmat hödürleýänler) arasynda Germaniýanyň “Lufthansa” kompaniýasy birinji boldy. Bilermenler onuň gysga aralyklarda tygşytly, uzak aralyklarda bolsa ýokary hilli (“Allegris” oturgyçlary bilen) hyzmatlaryny aýratyn bellediler.
Arzan bahaly (Low-cost) awiakompaniýalaryň arasynda Ýewropada “AirBaltic” dördünji orny eýeledi. Sanawyň dowamynda “easyJet”, “Wizz Air” we “Ryanair” ýaly meşhur awiakompaniýalar hem ýer aldy.
PDF









