21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary Ç.Amanowyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýewiň hem-de Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary Ç.Amanowa söz berildi. Ol Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň alyp barýan işleri we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, olary aradan aýyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu toparyň üstüne adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça bitewi döwlet ulgamynyň işine ýolbaşçylygy amala aşyrmak hem-de çözgütleri kabul etmek wezipeleriniň ýüklenendigini aýtdy. Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýratyn wajypdygyny belläp, adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli emele gelýän töwekgelçilikleriň täsirini peseltmäge, adamlaryň saglygyny goramaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibine girizilen meselelere geçdi. Onda häzirki döwürde dünýäde koronawirus ýokanjy zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýyň öňüni almak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, adamlaryň saglygyny, ömrüni goramagyň, şeýle hem howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet syýasatymyzyň esasy maksady bolup durýandygyny belledi we döwletimiziň bu ugurda ähli tagallalary edýändigini aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz saglygy goraýyş boýunça geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşýar. Şeýle uly işleriň geçirilmegi netijesinde, biz häzirki döwürde Türkmenistanda koronawirus hadysalarynyň ýüze çykarylmandygyny aýdyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu meselede arkaýynlaşmaly däldigini aýratyn nygtady. Sebäbi häzirki döwürde köp ýurtlarda koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleri, hususan-da, “omikron” görnüşi ýaýrap başlady. Bu ýokançlaryň ýurtdan-ýurda ýaýramagynyň ýollary bellidir, olar adamlaryň we harytlaryň döwlet serhetlerinden geçmegi arkaly ýaýraýar. Şoňa görä-de, adamlar ýurdumyza gelende, şeýle hem harytlar, şol sanda azyk önümleri ýurdumyza getirilende, nähili gorag çäreleriniň görülýändigine garamak üçin maslahat geçirmek kararyna gelindi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.