21-nji dekabr iň gysga gündiz we iň uzyn gije. Bu gün Ýer şarynyň esasy energiýasyny berýän Gün iň az mukdarda ýagtylyk we ýylylyk berýär. Her ýyl 21-nji dekabrynda Gün asmanyň günorta ýarym şarynda iň aşak düşýär, bu bolsa günüň gysgalmagyna we gijäniň uzalmagyna sebäp bolýar. Dürli medeniýetlerde bu waka özboluşly düşündirilipdir. Gadymy butparaz medeniýetinde Günüň ýagdaýy hemişe mukaddes bolupdyr we 21-nji dekabry gündiziň gysga we gijäniň uzyn bolmagy sebäpli täzeden dogulmak hasap edilipdir. Russiýada bu güne «Tomus üçin gün, aýaz üçin gyş» diýlipdir. Maglumatlara görä, bu gün energiýanyň sarp edilişi has ýokary bolýar. 22-nji dekabrdan gije gysgalyp, gündiz uzalyp başlaýar.
Rejep JUMAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.