Her ýylyň 21-nji fewraly Halkara ene dili hökmünde bellenilýär. Bu sene ÝUNESKO tarapyndan 1999-njy ýylyň 17-nji noýabrynda yglan edilýär. Sözleýşi ösdürmek, medeni dürlülige düşünmek we köp dilliligi öňe sürmek maksady bilen döredilen bu sene barada 2002-nji ýylda BMG tarapyndan karar kabul edilip, resmi taýdan ykrar edilýär. 2007-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan dil hakynda Rezolýusiýa kabul edilip, 2008-nji ýyl «Halkara diller ýyly» diýlip yglan edilýär.
Häzirki wagtda dünýäde ýedi müňe golaý dilde gepleşýän halklar ýaşaýar. Şäherleşmegiň artmagy, ilatyň dürli sebäplere görä başga ýurtlara ýa-da ýaşaýan ýurdunyň çägindäki beýleki sebitlere gitmegi netijesinde köp dil ýitip barýar.