21-nji mart diňe Gündogar medeniýetinde däl, eýsem, dürli ýyllarda Ýewropada we beýleki ýurtlarda hem bahar paslynyň ilkinji güni, täze ýylyň başlanýan güni hasaplanypdyr. Irki senenamalaryň köpüsinde 1-nji mart senenamanyň başlanýan güni hasaplanypdyr. Şu gün gije bilen gündiziň dowamlylygy deňleşip, gije gysgalyp, gündiz uzalyp başlaýar. 21-nji iýun iň uzyn gün, iň gysga gije hasaplanýar. Bu günden soňra gündiz ýuwaş-ýuwaşdan gysgalyp, gije uzap başlaýar. Ýöne gijäniň dowamlylygy gündiziňkiden uzyn bolmaýar. 21-23-nji sentýabrda gije bilen gündiz ýene-de deňleşýär. Şol günden başlap, gündiz gysgalyp, gije uzalyp başlaýar.

Bu ýagdaý 21-nji dekabra çenli dowam edýär. 21-nji dekabr güni iň uzyn gije, iň gysga gündiz bolýar. Bu seneden soňra gije gysgalyp, gündiz uzalyp başlaýar.
21-nji mart demirgazyk ýarym şarda astronomik taýdan baharyň ilkinji güni hasaplanýar. Günorta ýarym şarda bolsa güýzüň ilkinji güni hasaplanýar.