Ilkinji parahatçylyk güni 1982-nji ýylda bellenilip başlandy. Ilkibaşda bu baýram sentýabr aýynyň üçünji sişenbesinde – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýyllyk mejlisiniň açylyş güni bellenildi. Bu güni bellemek baradaky karar 1981-nji ýylyň 30-njy noýabrynda BMG Baş Assambleýasynyň 36-njy mejlisinde kabul edildi. Şeýlelikde, 2002-nji ýyla çenli bu halkara güni sentýabr aýynyň üçünji sişenbesinde bellenildi. 2001-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda BMG Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisinde Halkara parahatçylyk gününi 21-nji sentýabrda bellemek karary kabul edildi. Şondan bäri her ýylyň 21-nji sentýabry Halkara parahatçylyk güni (International Day of Peace) giňden bellenilýär.
Her ýyl 21-nji sentýabrda BMG-de dürli çäreler geçirilýär. Günüň açylyş dabarasy BMG-niň Baş sekretarynyň ýüzlenmesi bilen başlanýar, şondan soň Parahatçylyk jaňy kakylýar. Bir minutlyk dymyşlykdan soň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy Ýüzlenme bilen çykyş edýär. Parahatçylyk jaňy Afrikadan başga ähli yklymlaryň çagalary tarapyndan sowgat edilen teňňeleriň eredilip, ýörite galyba guýmak arkaly ýasalýar. Onuň ýüzünde bolsa “Ýaşasyn dünýä parahatçylygy” atly ýazgy ýazylýar.
Halkara parahatçylyk güni her ýyl bir mowzuk bilen bellenilýär. Bu ýyl Halkara parahatçylyk güni “Adalatly we durnukly dünýä üçin has gowulaşmak” mowzugy bilen bellenilýär.
Parahatçylyk medeniýeti gepleşikleriň we öňüni alyş medeniýetidir. Bu medeniýet biziň ýurdumyzyň syýasatynyň hem esasy ýörelgesidir. Indi döwletimiz dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi goldaýan ýurt hökmünde giňden tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň her bir tutumy dünýä halklarynyň bir-biregi bilen ynanyşyp, goldaşyp, parahat durmuşda eşretli ýaşamaklaryna gönükdirilendir. Munuň mysalynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip bellemek hakynda karar kabul edildi. Bu bolsa dünýä döwletleri tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy.
Begenç AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
talyby.