GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi 22-nji maýda Türkmenistanda geçer. Bu barada GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Igor Petrişenko habar berdi diýip, TASS ýazýar.
“Biz şeýle hem başlyklyk ediji ýurt bolan Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilen hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň gün tertibini makullarys. Häzirlikçe deslapky sene üstümizdäki ýylyň 22-nji maýy” diýip, ol žurnalistlere habar berdi.
I.Petrişenkonyň sözlerine görä, häzirki wagtda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň gün tertibinde on bir mesele bolup, olar “ilkinji nobatda, ykdysadyýet, maslahat-sergi işi, ulag geçelgeleri, sanlylaşdyrmak, şeýle hem 2027-nji ýylda gahryman şäher Minskini we 2028-nji ýylda Karaganda (Gazagystan) şäherini GDA-nyň ýaşlar paýtagty hökmünde kesgitlemekden” ybaratdyr.