Her ýylyň 22-nji sentýabrda Bütindünýä kerk güni bellenilýär. Burnunyň ujy buýnuzly bolan bu täsin jandaryň jemi 5 – gara, ak, uly bir şahly, Sumatra we Ýawa atly görnüşleri bar.
Bu senäniň bellemek bilen bagly teklip ilkinji gezek Ýabany durmuşy goramagyň Bütindünýä gaznasynyň Afrika bölümi tarapyndan 2010-njy ýylda teklip edildi. 2011-nji ýylyň ortalarynda Zimbabwedäki Çişakwe atly safari meýdançasyndan Liza Jeýn Kempbell bu senäni döretmegiň ugruna çykýar. Çişakwe ýabany tebigatyň iň gowy saklanyp galan ýerleriniň biri bolup, Afrikanyň baý tebigatyny synlamaga mümkinçilik berýär. Kempbell munuň üçin ilki internet arkaly hyzmatdaş gözleýär. Netijede, özi bilen pikirdeş Rişýa Kota atly zenany tapýar. Olaryň bilelikdäki tagallasynyň netijesinde Bütindünýä kerk güni bellenilip başlanýar.
Kerkler tebigy ýagdaýda Aziýada we Afrikada gabat gelýär. Olaryň görnüşleri ýaşaýan ýerine görä tapawutly bolýar. Aziýa kerkleri adatça tokaýlarda ýaşaýan bolsa, Afrikadakylar sawannalarda gabat gelýärler. Aziýa kerkleriniň köpüsi bir şahly, diňe Sumatra kerki iki kiçi şahly bolýar. Afrikadaky kerkleriň ählisi iki şahly bolýar.