Amerikanyň Ogaýo ştatynyň ýaşaýjysy 22 ýyllap şol bir lotereýa sanlaryny ulanmak arkaly, jekpot utmagy başardy. Fewral aýynyň başynda satyn alnan bilet oňa köp wagtlap garaşan utuşynyň eýesi bolmagyna sebäp boldy. Bu adam elmydama ýat tutan 6-8-16-20-26-45 sanlaryny ulanypdyr. Saýlap ulanan sanlarym maňa şu wagta çenli ownuk baýraklary getirdi, emma tutanýerliligim we bu sanlary dyngysyz ulanmagym sebäpli iň soňunda uly üstünlik gazanmagyma sebäp boldy diýip, amerikaly ýaşaýjy uly buýsanç bilen belleýär. Ol 4-nji fewralda satyn alan biledi bilen 3,5 million dollar möçberinde utuş gazandy. Bagty çüwen bu ýaşaýjy gazanan puluna howuzly jaý satyn almagy, öz öýünde türgenleşik zalyny gurmagy meýilleşdirýär.
Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
PDF









