Halkara kosmos bekediniň işläp başlanyna 25 ýyl boldy. ABŞ we Russiýa tarapyndan bilelikde gurlan, dürli ýurtlaryň alymlarynyň bilelikde zähmet çekýän kosmos laboratoriýasyna häzire çenli 300-e golaý kosmonawt barypdyr. Bu ýerde Ýeriň dartyş güýjüniň bolmazlygy dürli ylmy barlaglary we tejribeleri geçirmäge mümkinçilik berýär. 2000-nji ýylyň noýabrynda russiýaly Ýuriý Gidženko bilen Sergeý Krikalýow hem-de amerikaly Wilýam Şeperd ilkinji bolup Halkara kosmos bekedine aýak basdylar. Kosmosdaky adam eli bilen döredilen iň uly gurluş hasaplanýan desganyň ulanyş möhleti häzire çenli birnäçe gezek yza süýşürildi.
Kosmos bekedi diňe ylmy açyşlar üçin däl, eýsem, syýahatçylyk maksatly hem myhmanlary kabul etdi. Jemi 26 ýurtdan adamlar bu kosmos bekedine baryp gördüler. Ol ýerde film hem surata düşürildi. 2003-nji ýylda Ýuriý Malençenko Ýerden 380 kilometr belentlikdäki kosmos bekedine barýarka, Tehasda duran Ýekaterina Dmitriýewa bilen uzak aralykdan nika baglaşdy. Beýleki ýerlerden tapawutlylykda, Tehasdaky kanunlar jübütlerden biriniň nika dabarasyna gatnaşyp bilmejekdigini görkezýän kepilnamasy bolan ýagdaýynda nikalaşmaga rugsat berýär. Beketde häzire çenli 50-den gowrak ösümlik ösdürilip ýetişdirildi.
Rüstem Mämmedow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň başlygy.
PDF









