20-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew Türkmenistanyň BMG we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şu ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Kararnama kabul edildi. Kararnama laýyklykda, 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi.
Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-siniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin örän möhümdiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Munuň özi ekologik ugry nazara almak bilen, ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, üstaşyr ulag geçelgeleriniň durnukly ulgamynyň pugtalandyrylmagyna, inklýuziw jemgyýetçilik infrastrukturasynyň döredilmegine ýardam edilmegine halkara bileleşik tarapyndan uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
«Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly ýokary derejeli mejlisi geçirildi
Şeýle hem hasabatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň dünýäde syýasy we ykdysady durnuklylygy saklamak, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmek, dialog filosofiýasyny ilerletmek, halkara gatnaşyklarda emele gelýän derwaýys meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmak boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň adyndan hödürlenen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilendigi bellenildi.
Ýokarda agzalan Kararnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, ilkinji ädimleriň biri hökmünde şu ýylyň 16-njy maýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Baş Assambleýanyň «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Bu mejlisiň barşynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň sebitiň ýurtlary bilen bu ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we beýleki halkara, sebit guramalarynyň bu hyzmatdaşlykdaky orny nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, Owganystanyň goňşulary hökmünde bu ýurdy durnuklylaşdyrmak boýunça halkara tagallalary birleşdirmek we owgan halkyna ykdysady, ynsanperwerlik kömegini bermek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eýeleýän möhüm orny bellenildi.
Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek bilen baglanyşykly Kararnama kabul edildi
Şeýle hem hasabatyň dowamynda BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň daşky gurşawy gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini peseltmek ýaly wajyp ugurdaky hyzmatdaşlyga saldamly goşant goşýandygy nygtaldy. Ýurdumyz bu baradaky meselä dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek bilen, Aral deňzi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15 — 19-njy maýy aralygynda Bangkok şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek bilen baglanyşykly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilendigi bellenildi. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygynyň subutnamasydyr.