“Hollywood”-yň köne 2 studiýasy – “Paramount” bilen “Warner Bros.” kompaniýalarynyň birleşmek prossesi üstünlikli tamamlandy. Bu barada “Skydance” şereketiniň ýolbaşçysy Sewdi Ellison 110 milliard dollarlyk şertnamanyň doly ýagdaýda tamamlanandygyny we täze kompaniýanyň hem “Skydance” adyny alandygyny mälim etdi. Ýöne şol bir wagtyň özünde-de iki meşhur studiýa öz markalarynyň garamagynda öz logotipleri bilen kino önümçiligine dowam eder.

Birleşmäniň netijesinde, “Paramount Pictures”, “Warner Bros. Pictures”, “Paramount Television”, “Warner Bros. Television”, “DC Studios” studiýalary “Skydance” şereketiniň garamagynda bolar. Şeýle-de, “HBO Max”, “Paramount+”, “Pluto TV” ýaly millionlarça müşderisi bolan “streaming” platformalary, CBS, CNN, TNT, TBS, MTV, “Nickelodeon”, “Cartoon Network”, “Adult Swim”, TCM, “Discovery”, HGTV, “Food Network”, BET, “Comedy Central” hem-de “Showtime” ýaly ady marka öwrülen teleýaýlym kanallary we ýaýlymlar öz logotipleri bilen hereket eder diýlip bellenildi. Bularyň hataryna “Skydance” studiýasynda ozaldan bar bolan animasiýa, kino, serial, teleýaýlym hem-de wideo oýun önümçilikleri bilen bir hatarda, “Paramount Sports Entertainment” hem goşular. Mahlasy, ýokarda agy agzalan dünýä belli kino, teleýaýlym, serial, animasiýa markalary mundan soň “Skydance” şereketiniň eýeçiliginde bolar.
Birleşmäniň netijesinde kino we teleýaýlym dünýäsindäki meşhur ekran eserlerinden “Harry Potter”, “Star Trek”, “Ýerine ýetirip bolmajak tabşyryk”, “TopGan, “Tagt oýunlary”, “Gremlinler”, “The Conjuring”, “Beetlejuice”, “Looney Tunes”, “Tom we Jerri”, “Ninza pyşbagalar” ýaly filmdir seriallar hem-de animasiýalar toplumy hem bir ýere jemlener.
PDF





