Her ýylyň 26-njy oktýabry Halkara mekdep kitaphanalary güni hökmünde bellenilip geçilýär. Bu halkara güni 1999-njy ýylda ÝUNESKO-nyň başlangyjy bilen mekdep kitaphanalarynyň ýagdaýyna, serişdeleriniň döremegine we doldurylmagyna ünsi çekmek üçin döredildi. Mekdep kitaphanasynyň bosagasyndan ilkinji gezek geçenimizde, köpüsi okalmaly kitaplardan doldurylan uzyn tekjeleri gören günümiz ählimiziň ýadymyzda bolsa gerek. Onuň diňe bir adaty tekjeler bilen baglanyşykly däldigine düşünmek möhümdir. Häzirki wagtda sanly ulgamyň ösen döwründe ýaşaýandygymyzy göz öňünde tutsak, kitaplaryň hem elektron görnüşleri döredildi. Şeýle kitaphanada kompýuterde işläp, audiokitap diňläp we arkaýyn söhbet edip boljak stollar bar. Ýöne muňa garamazdan kitabyň we kitaphananyň ähmiýeti ýitmeýär. Her ýylda bu halkara baýram sebäpli mekdep kitaphanaçylary bir-birlerine mähirli gutlaglaryny beýan edýärler. Şeýle hem mekdep kitaphanalarynyň ähmiýetini düşündirýän birnäçe çäreler guralýar.
Kakajan KAKAJANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.