Hytaýyň «China Eastern Airlines» awiakompaniýasy Şanhaý bilen Buenos-Aýres aralygynda howa gatnawyny ýola goýdy. Kompaniýa bu uçuşyň dünýäniň iň uzyn göni gatnawydygyny belleýär. Şeýle-de bolsa, Argentinanyň paýtagtyna barýan ýolagçy uçary Täze Zelandiýanyň Oklend şäherinde düşläp geçer. Howa gämisi gonan wagty ýolagçylar gysga wagtlyk daşaryk çykyp bilerler. Uçar Şanhaýdan Buenos-Aýresdäki Ministro Pistarini aeroportyna 25,5 sagatda, yzyna bolsa 29 sagatda geler. Kompaniýa uçar gatnawynyň «antipod» häsiýete eýe bolan ilkinji uçuşdygyny belleýär. Antipod Ýeriň bir-birine ters tarapynda ýerleşýän şäherler diýmegi aňladýar. Täze ugur 4-nji dekabrdan başlap uly göwrümli «Boeing 777-300» uçarlary bilen amala aşyrylar. Awiakompaniýa uçaryň günortadan, Ýeriň iň çetki suwlarynyň üstünden we Antarktika ýakyn ýerden geçjekdigini mälim etdi.
Häzirki wagtda dünýäniň iň uzak uçuşy «Singapur» awiakompaniýasy tarapyndan Singapur – Nýu-Ýork aralygynda amala aşyrylyp, uçuş wagty 18 sagat töweregi dowam edýär.
Şanhaý bilen Buenos-Aýres şäherleriniň arasyndaky iň gysga uçuş «Air France» hem-de «Lufthansa» awiakompaniýalaryna degişli bolup, 31 sagat dowam edýär.
Ýazgeldi Babalyýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.