Tälimçisi Kristian Kiwunyň “Intere” geçmeginden soň “Parma” täze tälimçisini mälim etdi. Italýan kluby 29 ýaşyndaky Karlos Kuesta bilen 2 ýyllyk, 2027-nji ýylyň iýunyna çenli şertnama baglaşdy. Ispaniýaly hünärmen 2020-nji ýyldan bäri “Arsenalda” Mikel Artetanyň kömekçisi bolup işleýärdi.

Kuesta Ýewropa futbolynyň ýokary ligalarynda soňky ýyllaryň iň ýaş tälimçisi hökmünde hasaba alyndy.

Foto: “Parma” toparynyň internet saýtyndan alyndy.