Arheologlar Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynda Beýik Horasan siwilizasiýasynyň iň baý mazarlaryndan birini tapdylar. Mazar, takmynan, 3 müň ýyl mundan ozal ýaşap geçen gyza degişli bolup, arheolaglar ol ýerden kosmetika saklamak üçin niýetlenen daşdan ýasalan guty tapdylar.
Çalou tepe diýen ýerden ýüze çykarylan mazardan iki sany altyn gulakhalka, altyn ýüzük, bürünçden ýasalan iňňebagjyk, bürünç aýna, birnäçe keramiki gap-gaç we bürünç möhür bar. Daşynda ýylanyň we içýanyň şekilleri bolan gara hlorit daşyndan ýasalan guty alymlaryň ünsüni özüne çekdi. Arheologlaryň pikiriçe, guty kosmetika saklamak üçin ulanylan bolmagy mümkin. Şuňa meňzeş gaplar ozal Owganystany, Täjigistany we Özbegistany öz içine alýan gadymy Baktriýadan tapyldy.