Milan-Kortina Olimpiadasy Italiýada geçirilen 3-nji gyşky Olimpiýa oýunlary bolup, mundan öň 1956-njy ýylda Kortina-d’Ampezzoda VII, 2006-njy ýylda-da Turinde XX gyşky Olimpiada guralypdy.
Gyşky Olimpiýa oýunlary ilkinji gezek 1924-nji ýylda, ýagny 102 ýyl ozal, Fransiýanyň Şamoni şäherinde geçirilýär. Halkara Olimpiýa komitetiniň (HOK) guramaçylygynda geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlary 1992-nji ýyla çenli tomusky Olimpiýa oýunlary bilen bir ýylda guralýar. Her 4 ýyldan geçirilýän bu iri halkara sport çäresiniň 1996-njy ýyldakysy 1994-nji ýyla geçirilýär. Şondan bäri-de ýaryş her 4 ýyldan tomusky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilmeýän jübüt ýylynda guralýar. Başga aýdylanda, 1994-nji ýyldan bäri sport muşdaklary her 2 ýyldan bir Olimpiýa oýunlarynyň (1 tomusky, 1 gyşky) şaýady bolup gelýär.
Şweýsariýanyň Sankt-Moris (1928, 1948), ABŞ-nyň Leýk Plasid (1932, 1980), Germaniýanyň Garmiş-Partenkirhen (1936), Norwegiýanyň Oslo (1952), Italiýanyň Kortina d’Ampezzo (1956), ABŞ-nyň Skwa Walleý (1960), Awstriýanyň Innsbruk (1964, 1976), Fransiýanyň Grenobl (1968), Ýaponiýanyň Sapporo (1972), şol wagtky Ýugoslawiýanyň Saraýewo (1984), Kanadanyň Kalgari (1988), Fransiýanyň Alberwill (1992), Norwegiýanyň Lillehammer (1994), Ýaponiýanyň Nagano (1996), ABŞ-nyň Solt Leýk Siti (2002), Italiýanyň Turin (2006), Kanadanyň Wankuwer (2010), Russiýanyň Soçi (2014), Koreýa Respublikasynyň Phençhan (2018), Hytaýyň Pekin (2022) şäherdir şäherçelerinde geçirildi. 1940-njy we 1944-nji ýyllarda 2-nji Jahan urşy sebäpli gyşky Olimpiada geçirilmeýär.
12 ýurt ähli Olimpiada wekilçilik etdi
Mundan öňki 24 Olimpiadanyň ählisine gatnaşan 12 ýurt bolup, olar Awstriýanyň, Norwegiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Finlýandiýanyň, Polşanyň, Şwesiýanyň, Şweýsariýanyň türgenleridir. Ýer şarynyň ekwatordan ýokarysynyň gatnaşýan gyşky Olimpiýa oýunlaryna soňky ýyllarda günorta ýarym şardan hem gatnaşýanýanlarynyň sany artyp başlady.
NHL-de çykyş edýän hokkeýçiler Soçi 2014-den soň ilkinji gezek gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşarlar. Şol bir wagtyň özünde Halkara Olimpiýa komititeniň 2025-nji ýylyň tomsunda saýlanan täze başlygy Kirsti Kowentriniň ýolbaşçylygyndaky ilkinji Olimpiýa oýunlary bolar.
PDF









