Afrika ýurtlarynyň birnäçesi maýadarlary çekmek we ýakyn alty ýylda elektrik togundan mahrum bolan 300 million adamy elektrik energiýasy bilen üpjün etmek maksady bilen özleriniň elektrik pudagyny özgertmäge borçlandylar. Bu karar Tanzaniýanyň Dar-es-Salam şäherinde geçirilen Afrika döwlet baştutanlarynyň energiýa sammitinde kabul edildi.
Afrika yklymynda dünýäde iň köp elektrik toguna elýeterliligi bolmadyk adamlar ýaşaýar. Maglumatlara görä, bu ýurtlar 2030-njy ýyla çenli Bütindünýä banky we Afrika Ösüş Banky (AfDB) tarapyndan işe girizilen “Mission 300” atly meýilnama esasynda öz öýlerine elektrik toruny eltmegä tagalla edýärler. Kampaniýa ösüş banklaryndan, ösüş agentliklerinden, maliýe guramalaryndan, hususy kärhanalardan we haýyr-sahawat guramalaryndan, azyndan, 90 milliard dollar maýa toplamagy maksat edinýär.