“Amazon Web Services” (AWS) we “OpenAI” kompaniýalary 38 milliard dollarlyk şertnama baglaşdylar. Bu “OpenAI”-a amerikan kompaniýasynyň “Nvidia” çiplerine elýeterliligi üpjün eder. Hyzmatdaşlygyň 7 ýyl dowam etmegina garaşylýar.
– AWS”-niň öňdebaryjy infrastrukturasy “OpenAI”-iň emeli aň maksatlaryny amala aşyrmak üçin esas bolar – diýip, “Amazon Web Services”-iň baş direktory Mett Garman aýtdy.
“Bloomberg” “OpenAI”-iň emeli aň ugrunda öňdebaryjy bolandygyny we tehnologiýa pudagyny özgerdendigini nygtady. Kompaniýa emeli aň modelleri üçin infrastrukturany ösdürmäge 1,4 trillion dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär.
Oktýabr aýynyň ahyrynda “OpenAI” “Microsoft” bilen hyzmatdaşlyk barada yglan etdi. Şertnama laýyklykda, “Windows” amaly ulgamynyň işläp düzüjisi kompaniýanyň täjirçilik gurluşynda 27% paýnama we 7 ýyllap emeli intellekt tehnologiýalaryna elýeterlilik alar.
PDF









