Haýwanat dünýäsi täsinliklerden doly. Golaýda Beýik Britaniýada bir lemur 39 ýaşady. Adatça bu jandarlar ýabany tebigatda 20-25 ýaşaýarlar. 15-nji iýun güni Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen jandar 1986-njy ýylda Beýik Britaniýanyň Surreý graflygynda dünýä inipdir. Emma adatdakydan has garrydygyna garamazdan, Stampi atly bu jandaryň saglyk ýagdaýy gowy. Weterinarlar onuň görejiniň birneme peselendigini aýdýarlar. Şeýle hem onuň bogunlarynda garrylyk bilen bagly üýtgeşmeler bar. Garry lemura her gün diýen ýaly artrite (bogunlaryň çişmegi) garşy derman berilýär. Stampi 2005-nji ýyldan bäri Şotlandiýanyň West Kalder okrugyndaky “Bäş uýa” atly haýwanat bagynda öz ogullary 21 ýaşly Red hem-de 20 ýaşly Julian bilen birlikde ýaşaýar. Ogullar üçin hem ýaşlary örän uly ýaş hasaplanýar. Bulardan başga-da garry lemuryň 9 çagasy, 25 agtygy, 6 çowlugy we 1 sany hem ýuwlugy bar. Onuň 6 çowlugy Gresiýadaky haýwanat bagynda saklanýar. Stampi Güne ýanmagy, ter ot, aýratyn hem söwüt hem-de badat iýmegi halaýar diýip, “Bäş uýa” haýwanat bagynyň işgärleri uly buýsanç bilen belleýär.
Mährem BABAMYRADOWA, Hojambaz etrap häkimliginiň Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.