Kembrijdäki Fisuilýam muzeýiniň alymlary seýrek artefakty – takmynan, 4 müň ýyl ozalky gatan palçygyň ýüzünde galan müsürli küýzegäriň eliniň yzyny ýüze çykardylar diýip, “Independent” gazeti ýazýar. Bu tapyndy ýakyn wagtda açyljak “Gadymy Müsürde ýasaldy” atly sergide köpçülige görkeziler.
Bu yzlar aramgähler üçin niýetlenen özboluşly mejmäniň ýüzünden saklanyp galypdyr. Şeýle önümler miladydan öňki 2055-1650 ýyllarda Müsürde ýasalyp, üstünde sadaka berlen zatlary goýmak üçin ulanylypdyr. Bu tapyndyda el yzy abat saklanyp galypdyr. Müsüri öwreniji we serginiň guramaçysy Helen Strudwikiň pikiriçe, bu yzlar küýzegäre degişli bolup, palçygy guratmak üçin güne çykaranda galypdyr. Yzlar müňlerçe ýyl mundan öň ýasalan özboluşly önümiň aşaky böleginde saklanyp galypdyr.