Rän beýik binalaryň jemlenen şäheri bolan Dubaýda “Deyaar Development” kompaniýasynyň alyp barmagynda “Downtown Residences” ýaşaýyş toplumynyň taslamasy hödürlendi. Bu goşa ýaşaýyş jaýynyň beýikligi 445 metr bolar. Ägirt uly taslama umumy binýatda birleşdirilen 2 diňden ybarat bolup, ol “Business Bay” sebitinde ýerleşer. Binada birnäçe kaşaň otaglar, penthauslar we köşk ýerleşdirilip, infrastrukturasyny ajaýyp ýaşyl zolaklar, şeýle hem fitnes zolaklary eýelär. Onuň 100-nji gatynda “Summit Society” giňişligi bolup, ol ýerde garbanyşhanalar, restoranlar we kino zallary ýerleşer. Taslamany 2030-njy ýylyň ahyryna çenli durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu ägirt uly taslama bu gün tamamlanan bolsady, ýurtda “Burj-Halifadan” soňky ikinji beýik bina bolardy. Şeýle hem bu bina dünýäniň ýaşaýyş diňleriniň arasynda hem şeýle derejäni eýelärdi. Emma 5 ýyldan tamamlanjak bu taslama beýikligi boýunça beýleki taslamalardan yza galsa gerek. Sebäbi, beýikligi 517 metre barabar bolan, 122 gaty özünde jemleýän “Six Senses Residences Dubai Marina” toplumy 2028-nji ýylda tamamlanyp ondan öňe geçer.

Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.