Halkara sport çäresi bolan Milan-Kortina 2026 gyşky Olimpiýa oýunlary tamamlandy. Olimpiýa oýunlarynyň esasy sport görnüşleriniň biri bolan hokkeý boýunça hem erkekleriň, hem-de zenanlaryň arasynda ABŞ-nyň ýygyndysy çempionlyk gazandy. Amerikanlar şeýle goşa ýeňşi ilkinji gezek başdan geçirýärler.

Erkekleriň arasyndaky finalda ABŞ-nyň ýygyndysy Kanadanyň ýygyndysyny owertaýmda 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda amerikanlara altyn medal gazandyran şaýbalary Konnor Hellebuýk (06:00) bilen Jäk Hýuz (61:41) geçirdi. Kanadanyň ýeke-täk goluny Keýl Makar (38:16) öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, hokkeý boýunça ABŞ-nyň Olimpiýa ýygyndysy 46 ýyldan soň 3-nji gezek altyn medala mynasyp boldy. Amerikaly hokkeýçiler mundan öň 1960-njy we 1980-nji ýyllarda Olimpiadanyň çempionlygyny gazanypdylar.

Erkekleriň arasynda bürünç medala Pekin 2022-niň çempiony Finlýandiýanyň topary mynasyp bolup, olar bu ugurda Slowakiýany 6:1 hasabynda ýeňmegiň hötdesinden geldi.

Erkekleriň arasynda Kanadanyň 9, ozalky SSSR-iň 7 çempionlygy bar.

Goşa çempionlyk

Zenanlaryň arasynda-da ABŞ-nyň ýygyndysy finalda kanadalylar bilen duşuşdy. Bu duşuşygyň hem ýeňijisi owertaýmda belli bolup, amerikanlar 2:1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Duşuşykda kanadaly zenanlar O’Neilliň şaýbasy bilen öňe geçse-de, oýnuň ahyrlarynda amerikanlar Naýtyň takyk urgusy esasynda hasaby deňledi. Duşuşygyň 64-nji minutynda-da Keller ABŞ-nyň ýygyndysyna ýeňiş getiren şaýbany öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, ABŞ-nyň zenanlar ýygyndysy 1998-nji we 2018-nji ýyllardan soň 3-nji gezek Olimpiadanyň çempiony bolmagy başardy.

Zenanlaryň arasynda Şwesiýadan 2:1 hasabynda üstün çykan Şweýsariýa bürünç medaly eýeledi. Olar Pekin 2022-de 4-nji orna mynasyp bolupdylar. Zenanlaryň arasyndaky ýaryş Olimpiýa oýunlarynda 1998-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär we Kanadanyň ýygyndysy 5, ABŞ-nyň 3 çempionlygy bar.