Şu gün 26-njy oktýabrda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Günorta-Gündogar Aziýa döwletleri Assosiasiýasynyň (ASEAN) 47-nji sammiti öz işine başlady. Sammitiň esasy temasy “Inklýuziwlik we durnuklylyk” temasy boldy.
Açylyş dabarasynda çykyş eden Malaýziýanyň Premýer-ministri, ASEAN-yň 2025-nji ýyldaky başlygy Anwar Ibragim bäsdeşligiň ýitileşmeginiň we näbelliligiň artmagynyň diňe bir ASEAN-yň ykdysadyýetini däl, eýsem, bu guramanyň hyzmatdaşlyga bolan ynamyny saklamak baradaky umumy kararyny hem synagdan geçirýändigini aýtdy. Ol öz çykyşynda hormatyň we paýhasyň guramanyň agzalaryny henizem baglanyşdyrýandygyna ynamyndan ybaratdygyny, munuň bolsa, ASEAN-yň esasy güýjüdigine ünsi çekdi.
Onuň çykyşyndan soň Gündogar Timory ASEAN-a kabul etmek baradaky jarnama gol çekildi, bu bolsa ada döwletiniň sebitleýin guramanyň 11-nji agzasy hökmünde girmegini alamatlandyrýar. Häzirki sammitde agza ýurtlaryň liderleri öz ünsüni ASEAN jemgyýetiniň döredilmegi we sebitleýin guramanyň daşarky gatnaşyklary bilen baglanyşykly meselelere gönükdirerler. Şeýle-de taraplar sebitleýin integrasiýany çuňlaşdyrmagyň, ykdysady ösüşi höweslendirmegiň we sebitde özara gatnaşyklary güýçlendirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
ASEAN 1967-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň agzalaryna Bruneý, Kamboja, Indoneziýa, Laos, Malaýziýa, Mýanma, Filippinler, Singapur, Tailand, Wýetnam we Gündogar Timor girýär.
PDF









