1933: San-Fransiskodaky meşhur Altyn derweze (Golden Gate Bridge) köprüsiniň gurluşygyna başlanýar. Desganyň umumy uzynlygy 2 müň 737 metre barabar bolup, ony saklaýan iki sütüniň aralygy 1 müň 600 metre ýetýar. Kaliforniýa ştatyndaky San-Fransikso bilen Marin okrugyny birikdirýän köpri resmi ýagdaýda 1937-nji ýylyň 27-nji maýynda açylýar. Häzirki wagtda desga syýahatçylyk babatda ösen sebitiň esasy simwollarynyň biridir.
2005: Gün ulgamynyň iň uly girdenek planetasy hasaplanýan Eris açylýar. 2006-njy ýylda Plutonyň planeta derejesiniň aýrylmagy bilen girdenek planetalaryň sany bäşe ýetýär.
PDF









