2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 35% ýokarlanyp, umumy satuwyň 21 göterimine ýetipdir. Şeýlelikde, satylan täze ulaglaryň 5-den birini elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar emele getiripdir. Hytaý elektroulag üçin ösýän bazar bolmagynda galýar. Ýurtda 3 milliondan gowrak elektroulag satylyp, umumy satuwyň 34 göterimini emele getiripdir. Ýewropanyň iň uly 5 ýurdy – Germaniýa, Birleşen Patyşalyk, Fransiýa, Italiýa we Ispaniýa döwletlerinde elektroulag satuwy 32% ýokarlanypdyr. Bu görkeziji Germaniýada 45% bolupdyr. ABŞ-da elektroulag satuwy 22% ýokarlanypdyr. Netijede, elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar umumy satylan ulaglaryň 10 göteriminden köp bolupdyr. «Strategy&» maslahat beriş kompaniýasynyň maglumatyna görä, elektroulag satuwyndaky ösüş dowam eder.
Myrat BERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









