Birleşen patyşalyk Ýewropa Bileleşiginden çykandan soňra ilkinji gezek gepleşik geçirdi. 19-njy maýda Londondan geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň wekiliýetleri balykçylyk, azyk we oba hojalyk önümleriniň gözegçiligi ýaly ugurlarda ylalaşyk gazandylar. Gazanylan ylalaşyga görä, Birleşen Patyşalyk 2038-nji ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň Ösümlik we haýwan saglygy kadalaryny ýerine ýetirmegi we Ýewropa Bileleşiginiň kazyýetiniň kararlaryny ykrar etmegi kabul etdi. Şeýlelikde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarjak giňişleýin ylalaşyk gazandylar. Şeýlelikde azyk we içimlik söwdasy ýeňilleşdiriler, ösümlik saglygy baradaky kada güýje girer. Ylalaşykda balykçylaryň hukuklary hem göz öňünde tutulypdyr. Oňa görä, Ýewropa Bileleşigi 2038-nji ýyla çenli iňlis deňiz giňişligine baryp bilerler.
Şeýle hem taraplaryň arasynda sammit geçirildi. Sammitde çykyş eden Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen täze bir sahypa açýandyklaryny aýdyp, bir pikirdediklerini we birmeňzeş gymmatlyklara eýediklerini belledi. Birleşen Patyşalygyň Premýer-ministri Kir Starmer bu ylalaşygyň iki tarap üçin hem peýdalydygyny aýtdy.