Häzirki wagtda dünýäniň iri şäherlerinde ulanylýan aragatnaşygynyň 5-nji neslinden peýdalanýan ulanyjylaryň sanynyň şu ýylyň ahyryna çenli 1 milliarda ýetmegine garaşylýar. 5G aragatnaşygynda geçirilen synaglarda ortaça tizligi sekuntda 1,4 gigabaýt bolup, iň çalt 4G aragatnaşygyndan 20 esse çaltdygyny görkezdi. 5G interneti häzirki wagtda giňden ulanylýan internet aragatnaşygyndan ortaça 100 esse ýokary bolar. Ýokary ölçegli wideo göçürip almak bir minutdan hem az wagtyň içinde mümkin bolar. Web sahypalaryna maglumat ýüklemek, 5G bilen 50-100 millisekunta çenli gysgalar. 5G ýokary tizlikli mobil tor hödürleýär we ähli ugurlarda oňyn täsirleri bolar. Aragatnaşyk tizliginiň ýokary bolmagy mobil ulgamyndan peýdalanýanlaryň energiýa çykdajylaryny 90%-e çenli azaldar. 5G tehnologiýasy diňe gündelik durmuşda däl, eýsem önümçilikde hem täze ösüşleri gazanmaga getirer. Hyýaly hakykat programmalarynyň ulanylmagyna mümkinçilik berjek ýokary tizlikli aragatnaşyk senagatda giňden ulanylar. Göni ýaýlymlaryň hili 4K/8K durulygynda hödürlener. Şeýlelikde, SIM kartasyz telefony ulanmaga mümkinçilik berjek 5G tehnologiýasy önümçilige we pudaga täze goşant goşar.

Wepa PIROW, Hojambaz etrabynyň 5-nji orta mekdebiň mugallymy