ABŞ-da dowam edýän FIFA Klublar Dünýä Kubogynda “B” toparçanyň duşuşyklary tamamlandy. 3 topar 6 utuk toplap, gol aratapawudy boýunça olaryň biri bäsleşik bilen hoşlaşdy.
PSŽ topar Sietlde “Sietl Saundersi” Kwarasheliýa hem-de Hakiminiň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňiş parižlileriň liderligi üçin ýeterlik boldy.
“Atletiko Madrid” bolsa Pasadenada “Botafogo” toparyndan Antuan Grizmannyň 87-nji minutdaky goly esasynda 1-0 hasabynda üstün çykdy.
Netijede, 3 toparyňam – PSŽ-niň, “Botafogonyň” hem-de “Atletikonyň” 6 utugy bolup, ispan klubunyň -1 gol aratapawudy bilen ýaryşy dowam etdirmek mümkinçiligi galmady.
PSŽ toparçada 1-nji, “Botafogo 2-nji, “Atletiko Madrid” 3-nji, “Sietl Saunders” 4-nji orny eýeledi.