Amerikanyň grafika prosessorlaryny öndürijisi “Nvidia”, “Microsoft” korporasiýasy we tehnologiýa ägirdi “Amazon.com”, “OpenAI” kompaniýasyna 60 milliard dollara çenli maýa goýmak boýunça gepleşikler geçirýärler. Bu barada “The Information” neşiri gepleşikleriň gidişi bilen tanyş bolan çeşmelere salgylanyp habar berýär.
Bu maýa goýumlary jemi 100 milliard dollara çenli bolan maliýeleşdiriş tapgyrynyň bir bölegi bolar. “Nvidia” 30 milliard dollara çenli, “Microsoft” bolsa, takmynan, 10 milliard dollar bölüp bermegi meýilleşdirýär. “Amazon” bolsa bu kompaniýany ilkinji gezek maliýeleşdirer we oňa 10 ýa-da 20 milliard dollardan gowrak serişde goýar.
Bu maýa goýumlary Ýaponiýanyň halkara holding kompaniýasy bolan “SoftBank Group” tarapyndan bölünip beriljek 30 milliard dollaryň üstüni doldurar. “SoftBank” hem häzirki wagtda maliýeleşdirmegiň jikme-jiklikleri barada gepleşikler geçirýär.
2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda “Bloomberg” agentliginiň seljerijileri “Nvidia”-nyň aksiýalaryny “Wall Street”-iň taryhyndaky iň täsirli aksiýalar diýip atlandyrdylar. Kompaniýa taryhy rekord goýup, bazar kapitallaşdyrmasy 5 trillion dollara ýeten dünýäde ilkinji kompaniýa boldy. Bu bolsa onuň dünýä ykdysadyýetine we birža bazaryna bolan agalyk ediji täsirini has-da tassyklaýar.
PDF









